Wajyp sport wakasynyň geçjek ýerine howlugýarsyňyzmy?

Wagtyňyzyň we rahatlygyňyzyň gadryny bilýärsiňizmi?

Dünýäniň dürli künjegine çalt baryp ýetmekde we janköýerleriň münberinde ýa-da VIP-ložada iň gowy ýeri siz fransuz kompaniýasy Aviav TM (Cofrance SARL) sport wakalaryna gatnaşmak üçin uçarlary hödürleýän işewür-awiasiýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp eýeläp bilersiňiz.

Uçary ýa-da dikuçary kireýine almak üçin doldurylan buýurmany wagtynda tabşyrsaňyz Aviav TM (Cofrance SARL) size gerekli howa gämisini we şeýle hem siziň ugrajak bolýan ýeriňize gitjek adamlar bilen bile uçmagy hödürläp biler. 6 ýolagça niýetlenen uçary kireýine alsaňyz, siziň uçuş nyrhyňyz 1/6 bölekden ybarat bolar.

Bir ýylyň dowamynda dünýä ýüzünde onlarça sport wakalary bolup geçýär. Kadaly gatnaýan reýsleriň awiapetekleriniň wagtynda ugruna çykylman, stadionlaryň daşynda galmak töwekgelçiligi hem bar. Eger-de siz sportuň hakyky janköýeri bolsaňyz, ýakynda geçiriljek sport çäreleri siziň durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan bolsa, siz gysga wagtyň dowamynda öz şahsy uçaryňyz bilen dünýäniň islendik künjegine baryp bilersiňiz.

Işewür-jeti bilelikde kireýine alyp, siz çempionata özüňiz ýaly janköýerler bilen bile gidip bilersiňiz – pikirdeşleriňiziň arasynda siz özüňizi has hem rahat duýarsyňyz. Sport türgenleri, çaklamalar ýaly temalar bilen – howada wagt örän çalt geçer.

Aviav TM (Cofrance SARL) dellalynyň janköýerleri ýa-da türgen toparlaryny aşakdaky görkezilen çärelere gatnatmakda şowly tejribeleri bar:

  • Futbol boýunça dünýä çempionaty,
  • Şaýbaly hokkeý boýunça dünýä çempionaty,
  • Figuraly typmak boýunça dünýä çempionaty,
  • Biatlon boýunça dünýä çempionaty,
  • Basketbol boýunça dünýä çempionaty,
  • Sportuň suwda ýüzmek görnüşleri boýunça dünýä çempionaty,
  • Gyşky we tomusky Olimpiada,
  • Formula 1,
  • Dakar rallisi,
  • Yklymyň içinde geçirilýän ýaryşlar (UEFA çempionlar ligasy, Amerikanyň Kubogy, sportuň dürli görnüşleri boýunça Ýewropa çempionatlary we beýlekiler).

Näme üçin Aviav TM (Cofrance SARL) siziň saýlawyňyz?

Fransuz kompaniýasy – awiadellal – bu pudakda 10 ýyldan hem gowrak tejribesi bar. Esasy ofisi Nissada (Lazurnyý Bereg, Fransiýa) ýerleşýär. Köp sanly ýurtlarda we şäherlerde resmi wekillikleri açylan. Siz Ýewropada, Aziýada, Russiýada, Günorta we Demirgazyk Amerika ýurtlarynda, Afrikada, şeýle hem Awstraliýada özüňize amatly bolan nomere jaň edip bilersiňiz. Eger-de size gyssagly ýagdaýda uçar gerek bolsa, ol gysga wagtyň dowamynda taýýar ediler.

Aviav TM (Cofrance SARL) agzasy bolan ARGUS International we Wyvern Ltd auditor programmalarynyň ýokary standartlarynyň ýerine ýetiriljekdigine güwä geçýär. Gelejekki uçuş barada alada etmegiň size geregi ýok. Sebäbi bizde diňe tejribeli ekipaž, diňe wagtly-wagtynda tehniki barlaglardan geçýän howa gämileri, diňe ýokary hyzmat üpjün edilýär.

Mundan başga hem, awiadellal konserž-hyzmatyny hem hödürleýär. Siziň çempionata baryp gelmegiňiz başyndan-soňuna çenli gurnalar.  Aviav TM (Cofrance SARL)  şeýle soraglaryň çözgüdini öz üstüne alýar:

  • wizanyň we ätiýaçlandyryş polisiniň resminamalaşdyrylmasy,
  • şahsy jeti kireýine almak ýa-da awiapetekleri bronlamak,
  • çempionata petek satyn almak,
  • bortda keýtering hyzmaty,
  • transfer
  • geleniňizde sizi ýerleşdirmek,
  • tomaşalary gurnamak (dikuçarda syýahat).

Ähli sport wakalary biziň bilen elýeterli! Ygtybarly dellal Aviav TM (Cofrance SARL) ýüz tutuň!